Türkmenistanda pandemiýa şertlerinde deňiz portlarynda gözegçilik etmegiň usullary boýunça onlaýn okuw geçirildi
+0
Ylym-bilim13.11.2021ý.
test

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda COVID-19 pandemiýasy şertlerinde deňiz portlaryny dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmak boýunça onlaýn okuw geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Bu çärä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Gümrük we Migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, şeýle-de “Türkmendeňizderýayollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş merkeziniň hünärmenlerinden 22 wekil gatnaşdy.

Okuw sapagynda çykyş eden halkara bilermen deňiz howpsuzlygy pudagyndaky tejribe we Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda işleýän hukuk goraýjy edaralaryň, serhet gullugynyň, port we çäklendirme boýunça işgärleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman usullary barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen birlikde, deňiz howpsuzlygy, port howpsuzlygyny bahalandyrmak we meýilleşdirmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we howpsuzlyk dolandyryşy, howpy kesgitlemek we jogap bermek düşünjeleri we jogapkärçiligi boýunça sapaklar geçirildi.

Port we serhet howpsuzlygy babatynda gender balansy meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermen dowam edýän pandemiýa çökgünliginiň deňiz portlaryna we deňiz barlag nokatlaryna edýän täsirini, goşmaça howpsuzlyk we gorag çäreleriniň girizilmegine, serhetlerden geçýän ýolagçylar üçin resminamalarynyň ýokarlandyrylmagyna, ýük gatnawy üçin çäklendirme talaplaryna we goşmaça lukmançylyk barlaglaryna ünsi çekdi.

Williýam Lif, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky syýasy geňeşçisi:

— “Global pandemiýa şertlerinde serhet howpsuzlygynda we adamlaryň hem-de harytlaryň serhetlerden howpsuz hereketini dolandyrmakda, deňiz portunyň logistikasynda we halkara ulag zynjyrlarynda üýtgeşmeler girizildi. COVID-19 krizisi bilen, işiň dowamlylygy meýilnamalary we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş mehanizmleri öňküsinden has möhümdir. Deňiz portlary üpjünçilik zynjyrynda möhüm rol oýnaýar we howpsuzlyk işgärleriniň howpsuzlyk dolandyryşy we port desgalarynyň umumy goragy üçin jogapkär bolmagy möhümdir.”

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu okuw ÝHHG-nyň Aşgbatdaky merkeziniň Türkmenistanyň hökümetine serhet howpsuzlygyny dolandyryş strategiýalaryny we mehanizmlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin uzak möhletleýin maksatnama çäreleriniň çäginde geçirildi.

Habarcy
HabarcyTäzeje
Okaldy: 29 gezek